send link to app

Sebet.im app for iPhone and iPad


4.8 ( 1808 ratings )
Shopping
Developer: Gurban Begenjov
Free
Current version: 1.2, last update: 6 years ago
First release : 03 Jul 2017
App size: 19.52 Mb

Häzirki döwür durmuş standartlaryna gabat gelýän we 3 dilde (Türkmençe, Rusça, Iňlisçe) amala aşyrylýan Sebet.im programmasy 2017-nji ýylyň Iýun aýynda resmi taýdan öz işine başlady. Bu programma arkaly dürli görnüşdäki iýmitdir azyklary sargamak we satyn almak mümkin.

Programma agza bolup gireniňizden soňra 9 kategoriýa boýunça ýüzlerçe haryt içinden isläniňizi öz şahsy sebediňize goşup bilersiňiz. Ol haryt kategoriýalary şulardan ybarat: Gündelik Iýmitler we Süýjülikler, Süýt we Ertirlik Önümleri, Miweler we Gök Önümler, Şöhlat Önümleri, Däne Görnüşdäki Önümler, Suw we Içgiler, Gury Iýmiş, Arassalaýjy Serişdeler, Beýlekiler.

Sebediňize goşan harytlaryňyzy 2 görnüşde sargamak mümkin: Standart we Express (tiz wagtda). Standart görnüşde sargan harytlaryňyz 2 sagadyň dowamynda, Express görnüşdäki sargytlar bolsa 35 minudyň dowamynda size tabşyrylar.
Sebet.im programmasynyň resmi iş wagty irden sagat 09:00-dan agşam sagat 22:00-a çenlidir.

Sebet.im programmasy arkaly onlaýn söwdanyň aýratynlyklary bilen tanşyp bilersiňiz.